Täzelikler

Türkmenistanda zyňyndy plastik gaplardan sintetop öndüriler

Türkmenistanda ilat tarapyndan ulanylyp we zir-zibil bolup galýan plastik gaplar gaýtadan işlenilip, täze bir önümiň tehnologiýasy düzüldi. Bu tehnologiýanyň maksady zyňyndy plastik gaplary çig mal hökmünde ulanyp, ilata ýaramly harydy, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän egin-eşik, dokma senagatyna ýa-da degişli kärhanalara gerekli çig mal bolan emeli süýümi (sintetop) hödürleýär. Bu barada «Bereketli toprak» gazetinde habar berildi. Izolýasiýa (daşyny örtme) üçin ulanylýan iň meşhur serişdeleriň biri hem emeli süýümdir. Onuň egin-eşik öndürmekde we gündelik durmuşda ulanylýandygyny köpler bilýär. Inçe poliester köplenç pagta ýa-da ýüň goşulan ýüplükleriň birnäçe gatlagynda durýar. Her aýratyn gatlakda süýümler bir tarapa gönükdirilendir we bir-birine baglydyr. Haçan-da termiki taýdan baglanyşdyrylanda, süýümler ýokary temperaturanyň täsiri astynda birleşip, sowukdan gowy goraýan we ýuwlanda deformasiýa etmeýän, ýagny, görnüşi üýtgemeýän dykyz matany emele getirýär.