Biziň hojalyk jemgyýetimizde berk we geljegi uly hyzmatdaşlyklara has aýratyn üns berilýär.

Hojalyk Jemgyýetimiziň alyjylar köpçüliginiň sanyny has-da köpeltmek üçin täzeçe maksatnamalar düzülýär

Biz öz hojalyk jemgyýetimizi ýakyn geljekde ýurdumyzyň hem-de Dünýäniň ösen kompaniýalarynyň hatarynda görýäris

“Nur Plastik” – Hojalyk Jemgyýeti

“Nur Plastik” – Hojalyk Jemgyýeti 2022-nji ýylda döredildi. Heniz täze döredilendigine garamazdan bu ýerdäki zähmet çekýän işgärleriň ählisi diýen ýaly öňden bäri bu ugurlarda işläp, uly tejribeler topladylar. Hazirki wagtda hojalyk jemgyýetimizde...

Biziň kompaniýamyz täze we berk hyzmatdaşlyklar üçin öňdengörüjilikli maksatnamalary taýýarlaýar.

Kompaniýamyzda alyjylar köpçüligini döretmek maksatly täzeçe çözgütler kabul edilýär.

Geljekde kärhanamyzy dünýäde tanalýan abraýly kompaniýalaryň hatarynda görkezmek iň uly maksatnamamyzdyr.

“Nur Plastik” Hojalyk Jemgyýeti şu aşakdaky ugurlar boýunça işleri ýerine ýetirýär:

Polietilen önümlerini öndürmek

Polipropilen önümlerini öndürmek

Plastmassa önümlerini öndürmek

Daşary ýurt önümlerini getirip bermek

Kompaniýamyzda oturdylan dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary arkaly bu ýerde polietilenden dürli maksatly ýokary hilli torbalar we haltalar öndürilýär.

Şeýle-de, hojalyk jemgyýetimizde polipropilenden köp görnüşli ýokary hilli rulonlaryň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Hojalyk Jemgyýetiniň plastmassa önümçilik bölüminde dürli ugurlar üçin niýetlenen gaplar we beýleki plastmassa harytlary öndürilýär.

Mundan başga-da, biziň hojalyk jemgyýetimiz sargytlar esasynda dünýäniň ösen döwletlerinden bu ugurlara degişli çig mallary we taýýar önümleri hem getirip berýär.

Biz siziň üçin iň ynamly saýlaw!

Siz bu ýerde biziň aýratynlyklarymyz bilen tanşyp bilersiňiz


1.Üstünlikli önümçilik sistemamyz arkaly hereket edýäris


2.Söwda ugrunda gerekli harytlary öwrenip, olaryň esasylaryny öndürmekligi ýola goýýarys


3.Ýokary tejribeli hünärmenleriň sanyny günsaýyn artdyrýarys


Biz bilen habarlaşyp siz özüňize gerekli bolan harytlary satyn alyp ýa-da daşary ýurtlardan sargyt edip bilersiňiz

Bize ýüz tutuň

Özüňize gerekli harytlary saýlaň

Ýokary hil we amatly bahadan peýdalanyň

Ýakyn geljekde durmuşa geçiriljek maksatnamalar

Ýöriteleşdirilen gury ýer, howa, deňiz we demir ýollary arkaly daşamak; Agramy we göwrümi uly ýükleri daşamak; Ýük daşamak üçin gämileri kireýine almak;

Kurýer üsti bilen eltip bermeklik; Göwrümi uly ýükleri ýüklemek / düşürmek boýunça işler; Ammar hyzmatlary; Ekspeditor hyzmatlary; Göçmeklik bilen bagly hyzmatlar

Uzak möhletleýin ammar hyzmatlary (şol sanda gümrük ammarlaryny kireýine almaklyk); Enjamlary düşürmek we harytlary haryt toparlary boýunça sortlamak hyzmatlary; Ugradyşlaryň buhgalteriýasy we müşderi tassyklamalary boýunça hyzmatlar

Täzelikler bilen tanyş boluň